Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.08.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giňişleýin ýer alýar

76122
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.08.2014


“Sabah” gazeti “İnha bäbejigiň ganhory Ysraýylly” söz başyly habarynda 250-den gowrak çaganyň öldürlen ýeri Gazada başdan geçirilýän Ysraýylyň wagşyçylygynyň, ysraýylly esgeriň köpçülikleýin aragatnaşyk saýtlarynda çagalary öldürmek bilen öwünmeginiň wakanyň açyk aýdyň subutnamasyny ýatladýar.
Gazet Dewid Owadia atly ganhor esgeriň İnstagramda “Şu gün 13 çagany öldürdim” diýip ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Akşam” gazeti “Howadan ynsanperwer kömegi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly tarapyndan gün tertibine getirlen “Gaza howa koridorynyň gurulmagy” etaby bilen baglanşykly işleriň belli bolmaga başlandygyny ýazýar.
Gazet ot açyşlyk bes edilen halatynda ýaralananlaryň bejerilmegi we ýagdaýy agyr bolanlaryň Türkiýä getirilmegi, Türkiýäniň we halkara jemgyýetçiliginiň beren azyk, derman, çadyr we agyz suwy ýaly kömekleriň Gaza gysga wagtda guruljak howa koridory arkaly ýetiriljekdigini belleýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “BMG-nyňmetbugat geňeşçisi aglady” söz başyly habarynda BMG-nyň Palestinaly bosgunlara ýardam düzüminiň metbugat geňeşçisi Gunnesiň Ysraýylyň bosgunlaryň ýaşaýan mekdebini bombalamagy wakasyna şaýatlyk edendigini we şol pursatlary gürrüň berýärkä göz ýaşlaryny tutup bilmändigini aýan edýär.
Gazet telewidenýe gepleşige gatnaşan Gunnesiň gören eşidenlerini “Ýagdaý diýseň elhenç” diýip beýan edendigini nygtaýar.
“Milliýet” gazeti “Ýer süýşmesi bir obany ýutdy” söz başyly habarynda Hindistanyň günbatarynda täsirli bolan Mosun ýagyşlary sebäpli ýeriň süýşendigini we onlarça adamyň ýogalandygyny habar berýär.
Gazet ýolbaşçylaryň Maharashtra welaýatynyň 700 adamlyk Malin obadynda ýeriň süýşmegi sebäpli 100-den gowrak adamyň harabalygyň aşagynda galandygyna alada bildirýändiklerini nygtaýar.
Gazet Pakistanyň Karaçi şäherinde dowam edýän Mosun ýagyşlarynyň bolsa 20 adamyň ýogalmagyna sebäp bolandygyny ýatladýar.
“Star gazeti “Aýdyn uniwersiteti Ýewropanyň çempiony” söz başyly habarynda Gollandiýada 35 ýurduň gatnaşmagynda geçirlen 2-nji Ýewropa Uniwersitetara sport oýunlarynda Stambulyň Aýdyn uniwersitetiniň erkekler tenis komandasynyň Ýewropanyň çempiony bolandygyny ýazýar.
Gazet Aýdyn uniwersietiniň möwsümiň dowamynda 42 gezek çempion bolandygyny ýatladýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar