Gazagystan Erän Gar Suwlaryna Garşy Göreşýär

Suwyň aşagynda galan obalardan 613-i çaga 2 müň 54 adam başga ýere göçürildi.

2121905
Gazagystan Erän Gar Suwlaryna Garşy Göreşýär

Gazagystanda erän gar suwynyň joşmagy sebäpli 2 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi. Käbir welaýatlarda bolsa adatdan daşary ýagdaý dolanşygy yglan edildi.

Gazagystan ygally geçen gyş paslyndan soň bahar paslynyň gelmegi bilen birlikde erän gar suwlaryna garşy göreşýär.

Gar suwynyň joşmagy sebäpli käbir obalaryň suwyň aşagynda galandygy nygtalýar.

Ýurduň günorta, günbatar we gündogar sebitlerinde gara ýollarynyň we köprüleriň suwyň aşagynda galandygy habar berildi.

Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginden berlen beýannama görä, Türkistan, Aktöbe, Kostanaý we Günbatar Gazagystan welaýatlarynda suwyň aşagynda galan obalardan 613-i çaga 2 müň 54 adam başga ýere göçürildi.

Gar suwynyň eremegi sebäpli Günbatar Gazagystan, Abaý, Aktöbe Kostanaý welaýatlarynda adatdan daşary ýagdaý dolanşygy yglan edildi.

 


Etiketkalar: #göçürmek , #gar , #Gazagystan

Degişli Habarlar