Gazagystanda Sil Apaty Sebäpli 5 Adam Ýogaldy
Abaý welaýatynda ýiten 2 adamyň tapylmagy üçin gözleg işleri dowam edýär.
![Gazagystanda Sil Apaty Sebäpli 5 Adam Ýogaldy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/6e59/dc6b/d9f5/66210cc950b61.jpg?time=1722042560)
Gazagystanda sil apaty sebäpli 5 adam ýogaldy, ýiten 2 adamyň tapylmagy üçin gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.
Sil sebäpli Atrau sebitinde 4 adam, Türkistan sebitinde hem 1 çaga ýogaldy.
Abaý welaýatynda ýiten 2 adamyň tapylmagy üçin gözleg işleri dowam edýär.
Sil sebäpli 8 welaýatda 38 etrapçada adatdan daşary ýagdaý dolanşygy yglan edildi.
Apatdan häzire çenli 117 müň 694 adam halas edildi. Ewakuasiýa edilen 18 müň 651 adam öýüne dolandygy, 6 müň 887 adam bolsa henizem wagtlaýyn merkezlerde ýaşaýar.
113 müň 852 haýwan hem howpsuz ýagdaýda ewakuasiýa edildi.
Akmola, Aktöbe, Atarau, Kostanaý we Demirgazyk Gazagystan welaýatlarynda 5 müň 718 öý suwyň aşagynda galdy.
Degişli Habarlar
![Gyrgyzystandaky sil apatlarynda soňky 6 aýda 22 adam ýogaldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/bbe2/a68f/1f21/66a25d4ba023d.jpg?time=1722042560)
Gyrgyzystandaky sil apatlarynda soňky 6 aýda 22 adam ýogaldy
Gyrgyzystanda soňky 6 aýda başdan geçirilen sil apatlarynda 22 adam ýogaldy