DKTR Moskwada Guralan Hüjümi Ýazgardy

Beýannamada, hyýanatçylykly hüjüm sebäpli rus halkyna gynanç bildirildi.

2119480
DKTR Moskwada Guralan Hüjümi Ýazgardy

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy Russiýanyň paýtagty Moskwada konsert zalynda guralan terrorçylykly hüjümi berk ýazgardy.

DKTR-nyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, 22-nji martda konsert zalynda guralan terrorçylykly hüjüm ýazgaryldy.

Beýannamada, hyýanatçylykly hüjüm sebäpli rus halkyna gynanç bildirildi.

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar hem sosial mediadan beren habarnamasynda onlarça adamyň ýogalmagyna we 100-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýandygyny we rus halkyna duýgudaşlyk bildirýändigini nygtady.

Russiýanyň paýtagty Moskwada Krokus konsert zalynda 22-nji martda ýaragly adamlar tarapyndan hüjüm guralypdy.

Konsert zalyna giren hüjümçileriň çem gelen ýere od açmagy we konsert zalynyň üçeginiň ýanandygy sebäpli 133 adam ýogalypdy, 100-den gowrak adam hem ýaralanypdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DEAŞ öz üstüne aldy.

Hüjümi guran 4 terrorçy bilen birlikde 11 adam saklandy.

 


Etiketkalar: #Russiýa , #ýazgarmak , #DKTR

Degişli Habarlar