Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň Oba hojalyk ministrleri maslahat geçirdi

Türki Döwletleriň Guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Oba hojalyk ministrleriniň 3-nji maslahaty Gazagystanyň Taraz şäherinde geçirildi

2118255
Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň Oba hojalyk ministrleri maslahat geçirdi

Gazagystanyň Oba hojalyk ministri Aýdarbek Saparowyň ýer eýeçilik etmeginde geçirilen maslahata, Azerbaýjanyň Oba hojalyk ministri Mejnun Memmedow, Özbegistnyň Oba hojalyk ministri Ibrahim Abdurrahmonow, Gyrgyzystanyň Oba hojalyk ministriniň orunbasary Kubat Kaseýinow we Türkiyäniň Oba hojalyk we tokaýçylyk ministriniň orunbasary Ebubekir Gizligider bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew gatnaşdy. 

Gazagystanyň Oba hojalyk ministri Aýdarbek Saparow maslahatyň açylyşynda eden çykyşynda, Gazagystanyň jemi söwda dolanyşygynyň 28 göteriminiň TDG-na agza ýurtlara degişlidigini belläp: "Gazagystan öri meýdanlary taýdan dünýäniň 5-nji ýurdudyr. Maldarçylyk biziň üçin adaty we geljegi uly pudakdyr. Şol sebäpli maldarçylyk önümleriniň söwdasyny ileri tutýarys. Şol çäkde Gazagystanyň Özbegistan, Türkiye, Türkmenistan we Wengriýa bazarlaryna ýokary hilli et önümlerini eksport etmäge taýardygymyzy aýtmak isleýärin" diýip habar berdi.

Türki Döwletleriň Guramasynyň baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew hem maslahatyň oba hojalyk pudagynda agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi bilen birlikde, türki dilli halkara durnukly we ynamdar azyk önümleriniň üpjünçiligi taýdan möhüm ähmiýete eýedigini beýan etdi. 

Türki Döwletleriň Guramasynyň çäginde oba hojalygy senagat toplumyny ösdürmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylan maslahatyň ahyrynda agza ýurtlar bilelikdäki jarnama gol çekdiler.

Jarnamada taraplaryň jikme-jik ýagdaýda pikir alyşandyklary we oba hojalygy önümlerinde özara söwdany ýokarlandyrmak, oba hojalygyny ätiýaçlandyryş maksatnamalaryny öňe sürmek we degişli pudakda ylmy-derňew işlerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşandyklary aýdyldy.

Jarnamada 2024-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap 1 ýyllyk möhlet bilen Gazagystanyň Taraz şäheriniň "TDG-nyň Oba hojalyk paýtagty" hökmünde yglan edilmegi we nobatdaky ministrler derejesindäki maslahatyň Gyrgyzystanyň Çolpan Ata şäherinde geçirilmegi barada karara gelinendigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar