Gazagystan Bilen Türkiýe, Hazar Deňizinde Howpsuzlygyň Üpjün Edilmegi Boýunça Hyzmatdaşlyk Eder

Milli Goranmak ministriniň orunbasary Bilal Durdalyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Gazagystanda saparda boldy

2116976
Gazagystan Bilen Türkiýe, Hazar Deňizinde Howpsuzlygyň Üpjün Edilmegi Boýunça Hyzmatdaşlyk Eder

 

Gazagystanyň we Türkiýäniň resmi wekiliýetleri, Hazar deňizinde howpsuzlygyň üpjün edilmegi meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginden berlen beýannama görä, Ministr Çingis Arinow, paýtagt Astanada Milli Goranmak ministriniň orunbasary Bilal Durdalyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet bilen duşuşdy.

Duşuşykda deňiz howpsuzlygynyň üpjün edilmegi we adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşjek gämiler bilen tebigy serişdeleriň goralmagy boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkiýäniň möhüm we ynamdar hyzmatdaşdygyny aýdan Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministri Arinow, gämi gurluşygy boýunça iki ýurduň ýakyndan hyzmatdaşlyk edip biljekdigini belledi.

Ministr Arinow, Hazar deňiziniň Gazagystana degişli böleginde adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmek üçin ýörite hünärmen halas ediş gullugynyň döredilmegini maksat edinýändiklerini aýtdy.

Arinow gullugyň Hazar deňiziňde howpsuzlygyň üpjün edilmegi, nebit syzmalaryna, gämi häläkçiliklerine we ýangynlara garşy göreş we halas ediş işleri bilen birlikde deňizde we gury ýerde dürli operasiýalary geçirjekdigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar