Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary Işler Ministri Berlinde Duşuşdy

Baýramow bilen Mirzoýan duşuşykda iki ýurduň arasyndaky parahatçylyk etaby hakynda pikir alyşdy.

2108738
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary Işler Ministri Berlinde Duşuşdy
azerbaycan ceyhun bayramov-ermenistan ararat mirzoyan.jpg
azerbaycan ceyhun bayramov-ermenistan ararat mirzoyan.jpg

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan, Germaniýanyň paýtagty Berlinde duşuşdy.

Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň kabulhanasynda bolan duşuşyk 2 sagat dowam etdi.

Baýramow bilen Mirzoýan duşuşykda iki ýurduň arasyndaky parahatçylyk etaby hakynda pikir alyşdy.

Germaniýada geçirlen Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasynyň çäginde duşuşan Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýanyň tabşyrygy boýunça Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Baýramow bilen Ermenistanyň Daşary işler ministri Mirzoýan Berlinde duşuşdy.

 



Degişli Habarlar