Azerbaýjanyň Prezidenti Türkiyäniň Prezidentini Dogulan Güni Bilen Gutlady

Azerbaýjanyň Perzidenti Ilham Aliýew, Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogany dogulan güni bilen gutldy

2107080
Azerbaýjanyň Prezidenti Türkiyäniň Prezidentini Dogulan Güni Bilen Gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenliginden berilen beýanata görä Ilham Aliýew Rejep Taýýip Erdogana 70 ýaş toýy myansybetli gutlag hatyny ugratdy. 

Gutlagynda Türkiyäniň abadançylygy ugrunda edýän işlerinde Erdogana üstünlik we saglyk arzuw eden Aliýew: "Durmuşyňyz ýurda we halka wepalylyk bilen hyzmat etmegiň nusgasydyr. Siz doganlyk Türkiyäniň abadançylygy, häzirki ösüşi we halkara arenasynda mynasyp orny eýelemegi üçin arman-ýadaman uly yhlas bilen işleýän beýik şahsyýet, görnükli döwlet işgäri. Öz üstüňize düşýän taryhy missiýany ynam we tutanýerlilik bilen ýerine ýetirip, öňdengörüjilikli we tutanýerli syýasatyňyz bilen ýurduňyzy dünýäniň iň görnükli we güýçli döwletleriniň birine öwürdiňiz. Türkiyäniň soňky 20 ýylda gazanan möhüm üstünlikleri siziň adyňyz bilen baglanyşyklydyr" diýip habar berdi. 

Türkiye Respublikasynyň Erdoganyň paýhasly ýolbaşçylygynda ikinji asyryna girendigini ýatladýan Alyýew, doganlyk ýurt Türkiyäniň öňünde goýan ähli maksatlaryna we wezipelerine ýetmegini we täze üstünlikler we ýeňişler gazanmagyny arzuw edýändigini beýan etdi. 

Ilham Aliýew: "Siz Azerbaýjan halkynyň hakyky dosty. Azerbaýjana tüýs ýürekden wepalylygyňyz, ýurdumyzyň territorial bütewiligini yzygiderli goldamagyňyz hem, Azerbaýjan-Türkiye doganlygynyň berkidilmeginde we bileleşigimiziň sarsmazlygyny üpjün etmek üçin özboluşly hyzmatlaryňyzda beýan edilýär. Siziň Azerbaýjanyň hakly dawasyndaky tutanýerli  we anyk tutumyňyz, üýtgewsiz goldawyňyz halkymyz tarapyndan minnetdarlyk bilen ýatlanýar" diýip habar berdi. 

Öz ýurdundaky saýlawlardan soň däbe öwrülen ilkinji resmi saparyny Türkiyä gurandygyny ýatladýan Aliýew, çakylygy we myhmansöýerligi üçin Erdogana minnetdarlyk bildirdi.

Alyýew, umumy taryhdan, baý milli we ruhy gymmatlyklardan, doganlyk we halklaryň agzybirliginden güýç alýan Türkiye bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň, mundan soň hem umumy tagallalar bilen “bir millet, iki döwlet” ýörelgesine laýyklykda özgerip güýçlenjekdigine ynanýandygyny aýtdy. 



Degişli Habarlar