Ilham Aliýew Ilkinji Resmi Saparyny Türkiýä Guraýar

Ilham Aliýew, 7-nji fewralda geçirlen prezident saýlawyndan soň ilkinji resmi saparyny Türkiýä guraýar.

2103961
Ilham Aliýew Ilkinji Resmi Saparyny Türkiýä Guraýar

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, 7-nji fewralda geçirlen prezident saýlawyndan soň ilkinji resmi saparyny Türkiýä guraýar.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannamada, “Prezidentimiz R. T. Erdoganyň çakylygyna laýyklykda, Azerbaýjanyň Prezidenti Jenap Ilham Aliýew, 2024-nji ýylyň fewrala ýynyň 18-19-y aralygynda ýurdumyzda resmi saparda bolar. Ilham Aliýew Azerbaýjanda 7-nji fewralda geçirlen prezident saýlawyndan soň ilkinji daşary ýurt saparyny ýurdumyza guraýar” diýildi.

Beýannamda, “19-njy fewralda duşenbe güni geçiriljek gepleşiklerde Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde aktual sebitara we halkara meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar” diýildi.

 



Degişli Habarlar