Özbegistan Bilen Söwda Gatnaşyklary 3,5 Milliard Dollara Ýetdi

Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz Özbegistan bilen özara söwda mukdarynyň 3,5 milliard dollara ýetendigini aýtdy.

2080958
Özbegistan Bilen Söwda Gatnaşyklary 3,5 Milliard Dollara Ýetdi

Ýylmaz 5 milliard dollar bolan söwda maksadyna bolsa gysga möhletde ýetjekdiklerini beýan etdi.

Jewdet Ýylmaz paýtagt Ankarada geçirilen Türkiýe-Özbegistan İşewürlik Maslahatynda çykyş etdi.

Türkiýäniň, Özbegistanyň eksport edýan ýurtlarynyň sanawynda üçünji, importunda bolsa başinji orunda durýandygyny nygtan Ýylmaz, onuň hasam ýokarlandyryljakdygyny beýan etdi.

Ýylmaz; “Özbegistan bilen özara söwda gatnaşyklarymyz 3,5 milliard dollara ýedi. Özbegistandaky maýa goýumlarymyz 1,5 milliard dollara barabar boluo, 1700-den gowrak firmamyz Özbegistanyň dürli şäherlerinde iş alyp barýar” diýdi.

Iki ýurduň arasyndaky söwda maksadynyň 5 milliard dollar hökmünde kesgitlenendigini aýdan Jewdet Ýylmaz; “Enşalla işewür dünýäsiniň goldawy bilen şol maksada ýakyn geljekde ýetip, täze maksatlarymyzy kesgitläris” diýdi.

 



Degişli Habarlar