Ilham Aliýew, Jewdet Ýylmazy Kabul Etdi

Ýylmaz bilen Aliýew, iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

2078782
Ilham Aliýew, Jewdet Ýylmazy Kabul Etdi

Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Ýylmaz bilen Aliýew, Zagulba köşgünde bolan duşuşykda, iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar, täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bilen sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Jewdet Ýylmaz duşuşyk hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda “Türk dünýäsiniň esasy güýjüni emele getirýän Türkiýe bilen Azerbaýjan özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak bilen dowam etdirer. “Bir milllet, iki döwlet” şygaryndan ylham alýan Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklary, Türkiýe asyrynda has-da güýçlenmäge dowam eder. Myhmansöýerligi we içginligi üçin Jenap Aliýewe sagbolsun aýdýaryn”diýdi.

 



Degişli Habarlar