DKTR-nyň Premýer-Ministri Üstel, Prezident Erdogana Sagbolsun Aýtdy

“Türkiýe Respublikasynyň Prezident Jenap Prezident R. T. Erdogana bize berýän goldawlary üçin sagbolsun aýdýarys”

2060184
DKTR-nyň Premýer-Ministri Üstel, Prezident Erdogana Sagbolsun Aýtdy

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Premýer-ministri Ünal Üstel, Prezident R. T. Erdogana Türki döwletleriň guramasynyň liderler derejesinde geçirlen 10-njy maslahatynda eden çykyşynda DKTR-na beren goldawy sebäpli sagbolsun aýtdy

Premýer-ministrlikden berlen ýazmaça beýannama görä, Üstel, Prezident Erdoganyň Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirlen sammitde eden çykyşynda, DKTR-ny Beýik Türk maşgalasynyň esasy agzasy hökmünde häsiýetlendirendigini ýatlatdy.

Üstel “Türkiýe Respublikasynyň Prezident Jenap Prezident R. T. Erdogana bize berýän goldawlary üçin sagbolsun aýdýarys” diýdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar