Astananyň Şaýollaryndan Birine Anadoly Ady Dakyldy

Gazagystanyň paýtagty Astana şäheriniň şaýollaryndan birine Türkiýe Respublikasynyň döredilen gününiň 100 ýyllygy mynasybetli “Anadoly” ady dakyldy.

2056892
Astananyň Şaýollaryndan Birine Anadoly Ady Dakyldy

Astananyň Nur Alem globusy ýaly saýlama syýahatçylyk merkeziniň ýerleşýän etrapçasyndaky şaýolda geçirilen dabara gatnaşan Türkiýaniň Astanadaky İlçisi Mustafa Kapuju, Ýewraziýa sebitiniň iki ujunda ýerleşýän iki ýurduň arasyndaky uzak alyslyga garamazdan Türkiýe bilen Gazagystanyň arasynda dil, medeniýet we din birliği ýaly umumy arabaglanşyklaryň bardygyny aýtdy.

Düýn Astananyň Atatürk adyndaky seýilgähinde iki ýurduň arasyndaky ruhy aragatnaşyklarda möhüm ýer tutýan Hoja Ahmet Ýasawynyň Anadolyda wekili hasap edilýän Ýunus Emräniň ýadygärligini açandyklaryny beýan eden Kapuju; “Türkiýe Respublikasynyň döredilen gününiň 100 ýyllygynyň bellenilip geçilýän günlerinde açylýan “Anadoly” şaýolunyň hem türk-gazak doganlygynyň ajaýyp mysallaryndan biridigini pikir edýärin” diýdi.

Astananyň Gubernatorynyň orunbasary Ýeset Baýken hem Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýewiň Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygy mynasybetli Astanadaky şaýollaryna “Anadoly” adynyň dakylmagy boýunça görkezme berendigini beýan edip; “Şu gün ählimiz bu şaýoluň açylmagyna şaýatlyk edýäris” diýdi.



Degişli Habarlar