Ersin Tatar: "DKTR Türk Dünýäsiniň Mawy Watandaky wekilidir" diýdi

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Prezidenti Ersin Tatar, DKTR-nyň Türk dünýäsiniň Gündogar Ortaýer deňizindäki, Mawy Watandaky wekilidigini beýan etdi

2050475
Ersin Tatar: "DKTR Türk Dünýäsiniň Mawy Watandaky wekilidir" diýdi

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar sapar bilen giden Azerbaýjanda, DKTR-nyň Medeniýet we Tanşdyrylyş günleriniň Gala naharyna gatnaşdy. 

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar ol ýerde eden çykyşynda, şol bir milletiň çagalarydyklaryny, Azerbaýjany hem Ata Watan Türkiye ýaly doganlyk ýurt hökmünde kabul edýändiklerini mälim etdi. 

Ersin Tatar Türki Döwletleriň Guramasynda synçy ýurtdyklaryny belläp: "DKTR-niň Beýik Türk Dünýäsiniň aýrylmaz bölegidigi indi hemmelere mälimdir" diýip nygtady. 

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar DKTR-nyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy bolmagy üçin eden tagallalary üçin Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana minnetdarlyk bildirdi. 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe DKTR-na berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildiren Ersin Tatar, Kipr türk halkynyň 2-nji Garabag uruşynda Azerbaýjanyň ýanynda bolandyklaryny belledi we Azerbaýjany ýeňişi bilen gutlady. 

Gündogar Ortaýer deňizinde, iň günortadaky Türk Döwleti bolan DKTR-nyň Türk dünýäsindäki geosyýasy rolunyň we ähmiýetiniň günsaýyn artýandygyny aýdan Ersin Tatar: "DKTR diňe toprak bölegi däl. Ol özygtyýarly hukuklary, deňiz ýurisdiksiýalary, territorial suwlar we ykdysady aýratyn zolakly sebitiň halklary bilen Türk dünýäsiniň tutuş Gündogar Ortaýer deňzindäki, Mawy Watandaky wekilidir" diýip belledi. 



Degişli Habarlar