BMG-nyň Resmi Wekiliýeti Garabagda…

BMG-nyň resmi wekiliýetiniň Garabaga guraýan sapary, 30 ýyl soň sebite guralan ilkinji sapar hökmünde bellige alyndy.

2044793
BMG-nyň Resmi Wekiliýeti Garabagda…

BMG-nyň resmi wekiliýeti barlag geçirmek maksady bilen Azerbaýjanyň Garabag sebitine gitdi.

Agdam-Hankendi liniýasy bilen sebite baran BMG-nyň resmi wekiliýeti, Laçyndaky gözegçilik merkezinde we Hankendi şäherinde barlag geçirdi.

BMG-nyň resmi wekiliýetiniň Garabaga guraýan sapary, 30 ýyl soň sebite guralan ilkinji sapar hökmünde bellige alyndy.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Aýhan Hajyzade, Azerbaýjanyň harby goşunynyň geçiren antiterror operasiýasyndan soň sebitde başdan geçirilýän soňky wakalary ýerinde görmekleri üçin BMG-nyň we degişli guramalaryň wekillerini Azerbaýjana çagyrandyklaryny habar beripdi.

BMG-nyň resmi wekiliýetiniň, Azerbaýjanyň sebitde alyp barýan ynsanperwer kömek işleri, bikanun ermeni güýçleriniň ýaragsyzlandyrylmagy etaby we mina howpy bilen ýakyndan gyzyklanjakdygy nygtaldy.



Degişli Habarlar