Garabagda ermeni dolanşygynyň ozalky ministrlerinden Ruben Wardanýan göz tussaglygyna alyndy

Azerbaýjanyň Garabag sebitindäki ozalky ermeni dolanşygynyň döwlet ministrlerinden Ruben Wardanýan göz tussaglygyna alyndy

2043135
Garabagda ermeni dolanşygynyň ozalky ministrlerinden Ruben Wardanýan göz tussaglygyna alyndy

Azerbaýjanyň Döwlet Serhet gullugyndan berilen beýanatda, Ruben Wardanýanyň Azerbaýjandan Ermenistana geçmek islän mahaly, serhet goragçylary trapyndan göz tussaglygyna alynandygy habar berildi. 

Beýanatda Ruben Wardanýanyň Baku şäherine alynyp gidilip, degişli edaralara berilendigi mälim edildi. 

Ozal Russiýada ýaşan we rus raýaty bolan Ruben Wardanýan, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda rus raýatlygyndan çykmak üçin ýüz tutupdy, Garabaga gidipdi we ermeni dolanşygynyň döwlet ministri wezipesinde işlemäge başlapdy.

Russiýa tarapyndan raýatlykdan çykarylan Ruben Wardanýan, birnäçe wagt soň Garabagdaky dolanşyk tarapyndan wezipesinden çetleşdirilipdi. 


Etiketkalar: #ministr , #Garabag , #Azerbaýjan

Degişli Habarlar