TBMM-niň Başlygy Kurtulmuş, Özbegistanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi
“Özara hyzmatdaşlarymyz Aziýa we Ýewropa ýurtlary taýdan diýseň möhüm"

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş, Özbegistanyň Daşary işler ministri Bahtiýar Saidowy kabul etdi.
Saidow bilen ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýeti paýtagt Ankarada TBMM-de kabul etmekden hoşaldygyny aýdan Kurtulmuş, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekip, “Özara hyzmatdaşlarymyz Aziýa we Ýewropa ýurtlary taýdan diýseň möhüm. Ykdysadyýet, söwda, medeniýet we bilim ýaly ähli ugurlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeli. Özara mümkinçiliklerimizden we medeni gatnaşyklarymyzdan ýerlikli peýdalanylmaly” diýdi.
TBMM-niň Başlygy Kurtulmuş, “Iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar soňky döwürde günsaýyn pugtalanýar. Biz Özbegistanyň güýçlenmegini, Türkiýäniň güýçlenmegi hökmünde kabul edýäris. Edil şonuň ýaly Özbegistandaky doganlarymyzyň hem Türkiýäniň güýçlenmegini ýurtlarynyň güýçlenmegi hökmünde kabul edýändigini bilýäris” diýip belledi.
Türkiýäniň Özbegistanyň garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar eden ýurtdygyny ýatladan Özbegistanyň Daşary işler ministri Bahtiýar Saidow hem muny asla ýatdan çykarmajakdyklaryny nygtady.
Degişli Habarlar

Gazagystanda pansionatlaryň birinde ýangyn boldy
Gazagystanyň Almaty şäherinde ýerleşýän pansionatlaryň birinde bolan ýangynda 13 adam ýogaldy

Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Gümrük Gulluklarynyň Maslahaty Geçirildi
Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda gümrük ugry boýunça hyzmatdaşlyk ösýär.