Azerbaýjanyň Garabag sebitinde bolan partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy
Azerbaýjanyň Garabag sebitinde Hankendi-Askeran ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýangyç ammarynda bolan partlamada we ondan soň bolan ýangynda ýogalanlaryň sany 68 adama ýetdi

Ermenistanyň resmi habarlar agentligi Armenpressiň Garabagdaky ermeni wekillerine esaslanyp beren habaryna görä, 25-nji sentýabrda Hankendi şäheriniň golaýynda Askeran ýolunyň ugrunda ýangyç ammaryndaky partlamada we ýangynda ýogalanlaryň sany 68 adama ýetdi.
Kazyýet-lukmançylyk edarasy ýogalanlaryň 21-siniň şahsyýetleriniň anyklanandygyny habar berdi.
Beýleki tarapdan partlamadan täsir görendigi çak edilýän 105 adamyň ykballarynyň entege çenli anyklanyp bilinmändigi mälim edildi.
Hassahanada bejergi astyna alynan 290 adamyň 168-siniň Ermenistandaky hassahanalara we ýangyn bejergi merkezlerine geçirildi.
Azerbaýjanyň Garabag sebitinde 25-nji sentýabrda Hankendi-Askeran ýolunyň golaýynda ýangyç ammarynda bolan partlamada we ondan soň bolan ýangynda köp sanda adamyň ýogalandygy, 290 adamyň ýaralanandygy habar berilipdi.
Azerbaýjanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi ýangyç ammarynda bolan ýangynyň azerbaýjanly ýangyn söndürijiler tarapyndan söndürilendigini aýan edipdi.
Degişli Habarlar

Gazagystanda pansionatlaryň birinde ýangyn boldy
Gazagystanyň Almaty şäherinde ýerleşýän pansionatlaryň birinde bolan ýangynda 13 adam ýogaldy

Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Gümrük Gulluklarynyň Maslahaty Geçirildi
Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda gümrük ugry boýunça hyzmatdaşlyk ösýär.