Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Wekilleri Ertir Brýusselde Duşuşar
Duşuşykda, Ilham Aliýew bilen Nikol Paşinýanyň 5-nji oktýabrda geçirjek duşuşygy üçin görüljek taýarlyk ara alnyp maslahatlaşylar.
![Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Wekilleri Ertir Brýusselde Duşuşar](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/43ef/1bea/6e01/6454a45b03639.jpg?time=1719158849)
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň wekilleriniň arasynda 26-njy sentýabrda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde duşuşyk geçirler.
Duşuşyga, Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi Hikmet Hajiýew bilen Ermenistanyň Howpsyzlyk geňeşiniň Baş sekretary Armen Grigorýan gatnaşar.
Ermenistanyň resmi habarlar gullugy Armenpressiň, Ermenistanyň Howpsuzlyk geňeşiniň Baş sekretarlygyna esaslanýan habaryna görä, Hajiýew bilen Grigorýanyň 26-njy sentýabrda Brýusselde geçirjek duşuşygyna, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň, Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsyň we ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişeliň kömekçileri hem gatnaşar.
Duşuşykda, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň 5-nji oktýabrda Ispaniýanyň Granada şäherinde geçirjek duşuşygy üçin görüljek taýarlyk ara alnyp maslahatlaşylar.
Degişli Habarlar
![Gyrgyzystan Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýol taslamasy ylalaşygyny tassyklady](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/e010/d670/914d/6672cf2548df6.jpg?time=1719158849)
Gyrgyzystan Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýol taslamasy ylalaşygyny tassyklady
Gyrgyzystanyň mejlisi Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýol taslamasy ylalaşygyny tassyklady
![Türkiye Azerbaýjanyň geljegine goşant goşýar](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/6e67/9b77/98a9/66716af7bff4b.jpg?time=1719158849)
Türkiye Azerbaýjanyň geljegine goşant goşýar
Türkiye dostlukly we doganlyk ýurt Azerbaýjanyň “geljegine nepes" bolýar