Hakan Fidan Resmi Sapar Bilen Gazagystana Bardy

Daşary işler ministri Hakan Fidan saparynyň çäginde ilki kärdeşi Nurtleu bilen duşuşdy.

2035592
Hakan Fidan Resmi Sapar Bilen Gazagystana Bardy

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Gazagystanyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Murat Nurtileunyň myhmany hökmünde resmi sapar bilen Gazagystana gitdi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan saparynyň çäginde ilki kärdeşi Nurtleu bilen duşuşdy.

Fidan bilen Nurtleu duşuşykdan soň toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk eder.

Iki kärdeş soň bolsa metbugata beýannama berdi.

Daşary işler ministri Hakan Fidanyň resmi saparynyň çäginde Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar.

Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler saparyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.



Degişli Habarlar