Blinken, Russiýanyň Krym Tatarlary Boýunça Syýasatyny Berk Ýazgardy

“ABŞ, rus ýolbaşçylarynyň Krym tatarlaryna edýän zulumyny berk ýazgarýar”

2030270
Blinken, Russiýanyň Krym Tatarlary Boýunça Syýasatyny Berk Ýazgardy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Russiýanyň Krym tatarlary boýunça alyp barýan syýasatyny berk ýazgarýandyklaryny nygtady.

Blinken, sosial mediadan beren habarnamasynda, “ABŞ, täze köpçülikleýin tussag edilşik tolkuny bilen birlikde basyp alyjy rus ýolbaşçylarynyň Krym tatarlaryna edýän zulumyny berk ýazgarýar” diýdi.

Russiýanyň, Krym tatarlary boýunça alyp barýan syýasatyndan ýüz öwürmelidigini we Ukrainadaky basyp alyşlygyny bes etmelidigini aýdan Blinken, Krymadaky ähli syýasy tussaglylaryň boşadylmagy üçin çagyryş berdi.

 

 

 



Degişli Habarlar