Azerbaýjanyň Prezidenti Türkiyäniň Baş ştabynyň başlygyny kabul etdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew sapar bilen Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine baran Türkiyäniň Baş ştabynyň başlygy Metin Güraky kabul etdi

2029984
Azerbaýjanyň Prezidenti Türkiyäniň Baş ştabynyň başlygyny kabul etdi

Azerbaýjanyň Prezident Diwanyndan berilen beýanata görä duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkiyäniň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda bolşy ýaly harby ugur boýunça hem özgerýändigi beýan edildi. 

Duşuşykda bu saparyň hyzmatdaşlygyň ösmegine hyzmat etjekdigine ynanylýandygy habar berildi. 

Azerbaýjan bilen Türkiyäniň harby edaralarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilýändigi bellenen duşuşykda, 2-nji Garabag söweşinde Azerbaýjanyň goşunynyň görkezen ýokary hünärliligi we gahrymançylygy ýatladylyp geçildi. 



Degişli Habarlar