Gazagystan we Özbegistan bilelikde harby türgenleşik geçirdiler

Gazagystanyň we Özbegistanyň harby birikmeleri terrorçylykly elementlere garşy bilelikde harby türgenleşik geçirdiler

2024423
Gazagystan we Özbegistan bilelikde harby türgenleşik geçirdiler

Gazagystanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, iki ýurduň arasynda "Kanjar-2023" atly ýörite harby türgenleşigiň 2-nji tapgyry geçirildi. 

Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň çäklerinde geçirilen türgenleşige iki ýurduň Goranmak ministrleri tomaşa etdiler. 

Türgenleşigiň ssenariýsine görä Gazagystanyň we Özbegistanyň harby birikmeleri sebitde iş alyp barýan halkara terror guramalaryna degişli elementlere garşy operasiýa geçirdi. 

Orta Aziýada harby howpsuzlygy üpjün etmegi maksat edinýän türgenleşikde Mi-8, Mi-35 dikuçarlary, SU-30SM jarby uçarlary we Skylark 1 LEX uçarmansyz howa ulaglary bilen birlikde köp sanda pyýada harby ulagy, artilleriýa we zenit ulgamlar ulanyldy. 

Türgenleşigiň ilkinji tapgyry şu aýyň başynda Özbegistanda geçirilipdi. 



Degişli Habarlar