Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Prezident Rejep Taýýip Erdogana hat ugratdy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, FETÖ-niň hyýanatçylykly harby agdarlyşyk synanyşygynyň 7-nji ýyly mynasybetli Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana hat ugratdy

2011756
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Prezident Rejep Taýýip Erdogana hat ugratdy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, hatynda harby agdarlyşyk synanyşygynyň öňüni almak üçin janlaryny beren eziz şehitleri uly hormat bilen hatyralap geçýändigini habar berdi. 

15-nji iýulda bolan hyýanatçylykly meýilnamanyň Türkiye taryhynyň kyn synaglarynyň biri bolandygyny aýdan Ilham Aliýew, şol synaglaryň hötdesinden üstünlik bilen gelen türk halkynyň ygtyýarynyň çydamlylygyny, tutanýerliligini we demokratiýa bolan baglylygyny ýene-de bir gezek bütin dünýä görkezendigini mälim etdi. 

Ilham Aliýew şol kyn günde egin-egine duran türk milletiniň we döwletiniň tagallalary netijesinde şehitleriň gany we janlary bilen ýetilen ýeňiş, türk halkynyň watansöýüjiligini, egsilmez göreş ruhuny we ýeňilmezligini tassyklandygyny belläp: "Raýdaşlygyň we milli jebisligiň simwoly bolan Demokratiýa we Milli jebislik güni türk döwletiniň taryhynda beýik mertebe güni hökmünde galar" diýip aýtdy. 

Hakyky gahrymançylyk dessanynyň ýazylan şol gün doganlyk türk halkynyň Erdoganyň çagyryşyna laýyklykda şol bada jogap berip, hyýanatçylykly meýilnama böwet bolandygyny we Türkiyäni uly betbagtçylykdan gorandygyny aýdan Ilham Aliýew: "Azerbaýjan halky we döwleti ilkinji pursatlardan başlap, şol göreşde dogalyk Türkiye döwletiniň we halkynyň ýanynda boldy, ýurduň konstitutsion gurluşyna we kanuny hökümetine hüjüm eden dönükleri berk ýagdaýda ýazgardy. Şol hadysadan güýçlenip çykan türk milletiniň ýeňişini ýeňişimiz, şatlygyny şatlygymyz, gam-gussasyny gam-gussamyz ýaly paýlaşdyk we bir millet, iki döwletdigimizi ýene-de bir gezek anyk ýagdaýda subut etdik. Iň uly baýlygymyz bolan egsilmez Azerbaýjan-Türkiye dostlugyny, jebisligini we raýdaşlygymyzy goramak we geljek nesillere amanat etmek, strategik ýaranlygymyzy ösdürmek we berkitmek üçin umumy tagallalarymyzy durnukly ýagdaýda dowam etdirjekdigimize ynanýaryn" diýip belledi. 



Degişli Habarlar