TBMM-nyň başlygy Azerbaýjanyň Premýer ministri bilen duşuşdy

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Numan Kurtulmuş, resmi sapar bilen giden Azerbaýjada Premýer ministr Ali Asadow bilen duşuşyk geçirdi

2010777
TBMM-nyň başlygy Azerbaýjanyň Premýer ministri bilen duşuşdy
kurtulmus-asadov1.jpg
kurtulmus-asadov.jpg

TBMM-nyň wekiliýetiniň gatnaşan duşuşyk Azerbaýjanyň Premýer ministrlik binasynda geçirildi. 

Numan Kurtulmuş ol ýerde sözlän sözünde: "Türkiye hökmünde galan ýerimizden ýörişimize dowam edýäris. Biziňem Azerbaýjanyňam ýitirjek wagty ýok. Iki ýurduň hem şol ýörişi dowam etdirmegi zerur" diýip belledi. 

Azerbaýjan bilen Türkiyäniň arasyndaky gatnaşyklary halkara kesgitlemeler bilen beýan edilip bilinmejekdigini aýdan Numan Kurtulmuş: "Hem Azerbaýjan hem-de Türkiye üçin taryhy pursata ýetendigimize ynanýaryn. Bular ýaly görnüşli sepgide ýeňil ýagdaýda ýetip bolmaýar" diýip habar berdi. 

Dünýäniň ähli nokadynda diýen ýaly uly çaknyşyklaryň, dartgynlyklaryň başdan geçirilýän bir döwrüň başyndadyklaryny aýdan Numan Kurtulmuş: "Çaknyşyklar ozallar kesgitli sebitler bilen çäkli bolan bolsa, indi dünýäniň ähli ýerinde uly güýçleriň göreşine şaýatlyk edýäris. Şol göreşleriň iň köp amala aşan ýeri hem Türkiyäniň merkezinde bolan geografiýadyr. Kawkazlar, Balkanlar, Gara deňiz, Ortaýer deňizi, Gündogar Ortaýer deňizi şol geografiýadyr. Bu geografiýada asudalygyň we parahatçylygyň üpjün edilmegi biziň ileri tutýan ugrumyzdyr" diýip belledi. 

Numan Kurtulmuş 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titreme wagtyndaky doganlygy we raýdaşlygy üçin Azerbaýjan döwletine we halkyna minnetdarlyk bildirdi. 



Degişli Habarlar