Erdogan DKTR-da Saparda Boldy

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýe bilen Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Gündogar Ortaýer deňizindäki hukuklaryndan peýdalanžakdyklaryny nygtady.

1998749
Erdogan DKTR-da Saparda Boldy

28-nži maýda geçirlen saýlawdan soň ilkinži daşary ýurt saparyny DKTR-na guran Prezident Erdogan, DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar bilen birlikde metbugata beýannama berdi.

Kipr meselesinde türk tarapynyň onyň tutum alyp barýandygyny we meselaniň çözülmegi üçin tagalla edýändigini aýdan Erdogan, “Kipr türkü asla azlyk bolmady we bolmaz. Bu hakykaty görmek islemeýän grekler adada bir taraply ýagdaýda özygyýarly bolmagy arzuw edýär. Biz muňa ynanýanlara hakykat bilen ýüzleşmeklerini maslahat berýäris. Hiç kiiň ýene-de 50 ýyl ýitirmäge sabry galmady. DKTR ykrar edilen halatynda gepleşikler başlap biler” diýdi.

Türkiýäniň we DKTR-nyň Gündogar Ortaýer deňizindäki bähbitlerini goramaga dowam etžekdiklerine ünsi çeken Erdogan, “Hemaýatkär ýurt hökmünde hemişe dialoga uly ähmiýet berdik. Adadaky doganlarymyzyň durnuklylygy we howpsuzlygy biziň durnuksyzlygymyz diýmekdir. DKTR-a goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Gresiýa bilen edilýän gatnaşyklar hakynda hem durup geçen Erdogan, “Bu deňizlerde parahatçylykdan başga çykalga ýok. Eger parahatçygy bökdemek isleýän bar bolsa olara garşy başgaça çemeleşmeli bolarys. Biz Egeý deňiziniň parahatçylyk deňizi bolmagyny isleýäris” diýip belledi.

Özygtyýarlylyk esasynda grekler bilen hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan eden DKTR-nyň Prezidenti Tatar bolsa; “Kipriň türk halky elmydama ene watan Türkiýe Respublikasy bilen utgaşyklydyr” diýdi.

 



Degişli Habarlar