Prezident Erdogan gazagystanly kärdeşi Tokaýewe gynanç bildirdi

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä Erdogan Tokaýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1998644
Prezident Erdogan gazagystanly kärdeşi Tokaýewe gynanç bildirdi

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýewe ýurdunda başdan geçirilen tokaý ýangynynda 14 tokaýçynyň ýogalmagy zerarly gynanç bildirdi. 

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä Erdogan Tokaýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Erdogan telefon söhbetdeşliginde Gazagystandaky tokaý ýangynynda ýogalan adamlar zerarly Alladan rehnet, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny diledi. 

Gazagystanyň halkyna gynanç bildiren Prezident Erdogan Gazagystanyň zerur bolan zatlaryny üpjün etmäge taýardyklaryny habar berdi. 



Degişli Habarlar