Gazagystanyň Prezidenti tokaý ýangynynyň bolan Abaý welaýatynda gözegçilik işlerini geçirdi

Gazagystanyň Abaý welaýatynda bolan tokaý ýangynynda ýogalanlaryň sany 14 adama ýetdi

1998179
Gazagystanyň Prezidenti tokaý ýangynynyň bolan Abaý welaýatynda gözegçilik işlerini geçirdi

Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginden berilen beýanata görä, Abaý welaýatynda dowam edýän tokaý ýangynynda tokaýyň ýene-de 11 işgäriniň jesedi tapyldy. 

Şeýlelik bilen tokaý ýangynynda ýogalanlaryň sany 14 adama ýetdi. 

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew tokaý ýangynynyň bolan Abaý welaýatynda gözegçilik işlerini geçirdi. 

Perzident Diwanyndan berilen beýanata görä Tokaýew, ýangyny söndürmek işlerine howadan gözegçilik edip, resmilerden maglumat aldy. 

Ýangynda ýogalan 14 tokaýçynyň maşgalalaryna gynanç bildiren Tokaýew, 12-nji iýunda ýurtda Milli ýas yglan ediljekdigini habar berdi. 

Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginden berilen beýanata görä 5 aýry nokatda ýangyn söndürmek we sowadyş işleri dowam edýär. 

Abaý welaýatynda 8-nji iýunda 60 müň gektarlyk tokaýda ýangyn başlady. 

Uspenskoýe tokaý edarasynda işleýän 11 tokaýçy bilen ýangynyň başlan güni aragatnaşyk kesilipdi. 

Toparlar ýangyn söndürmek işlerine we gözleg we halas ediş işlerine başlapdy. 

Ministrlik düýn 3 işgäriň tokaý ýangyny sebäpli ýogalandygyny habar beripdi. 



Degişli Habarlar