Aliýew, Paşinýan we Mişel Brýusselde Duşuşdy
Duşuşykda, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleri meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan we ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde duşuşdy.
Çarles Mişeliň myhmany hökmünde Brýussele giden Ilham Aliýew iş saparyny dowam etdirýär.
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew iş saparynyň çäginde Mişel we Paşinýan bilen üçtaraplaýyn duşuşyk geçirdi.
5-nji gezek geçirlen duşuşykda, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleri meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aliýew bilen Paşinýan, Çarles Mişeliň myhmany hökmünde 2021-nji ýylyn 14-nji dekabrynda we 2022-nji ýylyn 6-njy aprelinde Brýusselde duşuşupdy.
Üçtaraplaýyn soňky duşuşyk bolsa 2022-nji ýylyn 31-nji awgustynda geçirlipdi.
Degişli Habarlar

Ilham Aliýew Siriýanyň Prezidentini Gutlady
Aliýew ýüzlenmesinde, Şarany täze wezipesi bilen gutlap, üstünlik arzuw etdi.