TÜRKPA-nyň Goranyş Komissiýasynyň Maslahaty Öz Işine Başlady

Daşary işler ministri Hakan Fidan Ysraýylyň Palestina hüjümlerine garşy türki dünýäniň umumy pozisiýa eýelemeginiň möhümdigini nygtady.

2142881
TÜRKPA-nyň Goranyş Komissiýasynyň Maslahaty Öz Işine Başlady

Ministr Fidan Ankarada Türki Döwletleriň Parlamentar Assambleýasynyň Goranyş komissiýasynyň Başlyklarynyň maslahatynda çykyş etdi.

Palestina goldawyn möhümdigini nygtan Fidan, Gazada esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat onlarça müň adamyň pida bolmagynyň sebäpkäri Ysraýylyň wagşylygynyň durnukly bes edilmegi üçin iki döwletli çözgüdiň iş ýüzüne geçirilmelidigini aýtdy.

Fidan; “Bu şertlerde türki dünýäniň umumy pozisiýa eýeläp, halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde hereket etmegi, türki dünýäniň ahlaky güýç hökmünde-de öňe saýlanmagyny üpjün eder. Bu, düşnüşmezligiň ýaýbaňlanma we jemgyýetçilik dartgynlyga sebäp bolma howpuny hem ortadan aýyrmaga goşant goşar” diýdi.

Ministr Fidan: “Türki dünýädäki ähli doganlarymyzy Gazadaky wagşyçylyga garşy durmaga, bu zulumyň bes edilmegi üçin anyk başlangyçlara etmage çagyrýaryn” diýdi.

 



Degişli Habarlar