Ilham Aliýew, Azerbaýjanyň Milli Lideri Haýdar Aliýewi Şuşada Hatyralady

Ilham Aliýew, Azerbaýjanyň ozalky prezidenti we milli lideri Haýdar Aliýewiň doglan gününiň 100-nji ýylynda Garabagyň simwoly bolan Şuşadan halka ýüzlendi.

1984891
Ilham Aliýew, Azerbaýjanyň Milli Lideri Haýdar Aliýewi Şuşada Hatyralady

 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Azerbaýjanyň ozalky prezidenti we milli lideri Haýdar Aliýewiň doglan gününiň 100-nji ýylynda Garabagyň simwoly bolan Şuşadan halka ýüzlendi.

Haýdar Aliýewiň Azerbaýjanda uly hormat bilen hatyralanýandygyny nygtan Prezident Aliýew, milli lideriň Azerbaýjanyň gelejegi üçin durmuşa geçiren işleri hakynda durup geçdi.

Azerbaýjanyň, milli lider Haýdar Aliýewiň alyp baran syýasatlaryny dowam etdirýändigini nygtan Ilham Aliýew, “Şu günki günde Azerbaýjan Ýewraziýanyň aragatnaşyk merkezlerinden birine öwrüldi. Haýdar Aliýew döwründe Azerbaýjanda halkara derejesinde “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa Halkara aragatnaşyk koridory” temaly konferensiýa geçirlipdi. Şu günki günde “Bilelikdäki koridor” diýýän taslamamyz aslynda şol döwürde başlapdy, ýagny şol koridoryň Azebaýjandan geçmegi entek şol ýyllarda kesgitlenipdi. Azerbaýjany şol taslamadan çetleşdirmek isleýänler maksadyna ýetip bilmez” diýdi.



Degişli Habarlar