Erdogan, Mirziýoýewe Awtoulagynyň Düşümli Bolmagyny Diledi

Erdogan bilen Mirziýoýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1974165
Erdogan, Mirziýoýewe Awtoulagynyň Düşümli Bolmagyny Diledi

Prezident R. T. Erdogan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Mirziýoýew telefon söhbetdeşliginde, Türkiýe-Özbegistan gatnaşyklary hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşliginde TOGG ulagyny kabul edip alan Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýewe awtoulagynyň düşümli bolmagyny diledi.

Türk dünýäsi hökmünde arkalaşykly ýagdaýda uly öňe gidişlikler etjekdiklerine ynanýandygyny nygtan Erdogan, Türkiýe bilen Özbegistanyň arasyndaky güýçli hyzmatdaşlygyň şol garaýşyň esasy ugurlaryndan biridigini nygtady.

Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew bolsa sowgady TOGG üçin Prezident Erdogana sag bolsun aýtdy.

Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda Türkiýäniň ähli taraplaýyn bolşy ýaly senagat pudagy boýunça hem uly öňe gidişlik edendigini nygtan Mirziýoýew, TOGG-uň Türkiýe bilen birlikde Türki dünýäniň gazanan üstünligi hökmünde taryhda ýer aljakdygyny belledi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar