Mewlüt Çawuşoglu Azerbaýjana Gynanç Bildirdi

Çawuşoglu, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowa telefon edip gynanç bildirdi.

1974019
Mewlüt Çawuşoglu Azerbaýjana Gynanç Bildirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde bolan çaknyşykda Azerbaýjanyň harby goşunyndan 3 esgeriň şehit bolmagyndan soň Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowa telefon edip gynanç bildirdi.

Diplomatik çeşmelerden berlen beýannamada, “Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, düýn başdan geçirlen ermeni prowokasiýalaryndan soň şu gün Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramywa telefon edip gynanç bildirdi”diýildi.

Beýannamada, Çawuşoglunyň telefon söhbetdeşliginde, Türkiýäniň we türk halkynyň jan Azerbaýjana goldaw bermäge dowam edýändigine ünsi çekendigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar