Ilham Aliýew, Selçuk Baýraktary Kabul Etdi

Selçuk Baýraktar täze açylan Baýraktar Tehnalogiýa Azerbaýjan firmasy hakynda Prezident Aliýewe maglumat berdi.

1969187
Ilham Aliýew, Selçuk Baýraktary Kabul Etdi

 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Bakuda saparda bolýan Baýkar firmasynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy we tehnalogiýa lideri Selçuk Baýraktary kabul etdi.

Azerbaýjan tarapyndan berlen beýannama görä, Selçuk Baýraktar, Aliýewe, Prezident R. T. Erdoganyň salamyny gowşurdy we 6-njy fewralda bolan ýer titremelerinden soň beren kömekleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, Türkiýäniň goranyş senagatynyň soňky ýyllarda uly öňe gidişlik edendigine, Baýkar firmasynyn bu meselede uly rol oýnandyğyna ünsi çekip, Baýkaryň öndüren howa ulaglarynyň II Garabag söweşinde basyp alyjy ermeni güýçleriniň harby enjamlarynyň hatardan çykarylmagynda uly rol oýnandygyny ýatlatdy.

Kabul edilşikde Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň beýleki ugurlarda bolşy ýaly goranyş senagaty taýdan hem pajarlap ösýändigi nygtaldy we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Selçuk Baýraktar hem kabul edilşikde Azerbaýjan bilen Türkiýäniň  arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary tehnalogiýa taýdan hem ösdürilmegi maksady bilen täze açylan Baýraktar Tehnalogiýa Azerbaýjan firmasy hakynda Prezident Aliýewe maglumat berdi.

 

 

 



Degişli Habarlar