Gazagystanyň Premýer ministri wezipesine ýaňadandan Alihan Ismailow bellendi

Gazagystanda hökümediň başyna ýaňadandan Alihan Ismailow bellendi

1967489
Gazagystanyň Premýer ministri wezipesine ýaňadandan Alihan Ismailow bellendi

Gazagystanyň Prezidentligi tarapyndan berilen beýanata görä, Prezident Kasym Jomart Tokaýew Amanat partiýasynyň başlygy Ýerlan Koşanowy kabul etdi. 

Ýerlan Koşanow duşuşykda Amanat partiýasy hökmünde Premýer ministr wezipesine Alihan Ismailowy dalaşgär hödürlemek barada karara gelendiklerini habar berdi. 

Prezident Kasym Jomart Tokaýew ondan soň Parlament binasynda Premýer ministr dalaşgärini maslahatlaşmak üçin mejlisdäki 6 syýasy partiýanyň başlygy bilen duşuşyk geçirdi. 

Ondan soň Mejlisiň umumy geňeşine gatnaşan Prezident Kasym Jomart Tokaýew Premýer ministr wezipesine Alihan Ismailowy hödürledi. 

Alihan Ismailowyň Premýer ministrligi üçin geçirilen ses berilşige gatnaşan 97 deputatyň 7-si garşy ses berdi, 82-si makullady, 8 deputat bolsa ses bermekden saklandy. Şeýlelik bilen Alihan Ismailow ýaňadandan Premýer ministr boldy. 

Prezidentlikden berilen ýene-de bir beýanatda bolsa Tokaýewiň Mejlisde geçirilen ses berilşikden soň Ismailowyň Premýer ministr wezipesine bellenmegi bilen bagly kararnama gol çekendigi mälim edildi. 

Ýurtda 19-njy martda geçirilen Parlament saýlawyndan soň konstitutsiýa laýyklykda düýn Gazagystanyň hökümedi işinden çekilipdi. 



Degişli Habarlar