Emine Erdogan Azerbaýjanyň Milli mejlisiniň başlygy Gafarowa bilen duşuşyk geçirdi

BMG-nyň Baş Assambleýasy şol karar bilen 30-njy marty Halkara Nol galyndy güni hökmünde yglan etdi

1967208
Emine Erdogan Azerbaýjanyň Milli mejlisiniň başlygy Gafarowa bilen duşuşyk geçirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň aýaly Emine Erdogan BMG-daky 30-njy mart Halkara Nol galyndy güni mynasybetli geçiriljek maslahata gatnaşmak maksady bilen baran ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde Azerbaýjanyň Milli mejlisiniň başlygy Sahibe Gafarowa bilen duşuşyk geçirdi. 

Emine Erdoganyň Azerbaýjanyň Milli mejlisiniň başlygy Sahibe Gafarowa bilen Türk Öýünde geçiren duşuşygyna Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem gatnaşdy. 

Geçirilen duşuşyk bilen bagly Twitter hasabyndan beýanat beren Emine Erdogan: "Nol galyndy bilen bagly tejribelerimizi paýlaşdyk. Daşky gurşaw bilen baglanşykly meseleleriň bütin dünýä ýurtlarynyň jogapkärçiligindedigi barada we klimat krizisine garşy göreşde şol bir garaýyşa eýediris" diýip belledi. 

2022-nji ýylyň 15-nji dekabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasynda Türkiye tarapyndan BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji Sessiýasyna hödürlenen "Durnukly ösüş maskatlaryna ýetmek üçin nol galyndy gollanmasynyň höweslendirilmegi" temaly Nol galyndy karary kabul edildi. 

BMG-nyň Baş Assambleýasy şol karar bilen 30-njy marty Halkara Nol galyndy güni hökmünde yglan etdi. 



Degişli Habarlar