Gazak Halky Ses Berýär

Saýlawa ýurtda bellige alynan 7 syýasy partiýa gatnaşar.

1961805
Gazak Halky Ses Berýär

Gazagystanda ýerli saýlawlar geçirilýär.

19 million ilaty bolan ýurtda bellige alynan 12 million 32 müň 550 saýlawçy, 5 ýylyň dowamynda Parlamentiň aşakky ganady Mejlisde we ýerli mejlislerde wekilçilik etjek halk deputatlaryny saýlamak üçin ses berýär.

98 kürsünden ybarat Gazagystanyň Mejlisinde 69 halk deputaty syýasy partiýalar, 29 halk deputaty bolsa ýeke-täk halk deputatyny saýlajak sebitlere wekilçilik eder.

Saýlawa ýurtda bellige alynan 7 syýasy partiýa gatnaşar.

Saýlawa, häkimiýetiň başyndaky Amanat (ozalky Nur Otan), Gazagystan Halk partiýasy, Ak Žol demokrat partiýasy, Sosial demokrat partiýasy, Aul partiýasy, Baýtak partiýasy bilen Respublika partiýasy gatnaşar.

Ýurduň ilkinji ýaşyllar partiýasy bolan Baýtak partiýasy bilen ýaş işewürler tarapyndan gurlan Respublika partiýasy saýlawa ilkinji gezek gatnaşýar.

525 garaşsyz dalaşgär hem mejlisdäki 29 kürsi üçin bäsleşer.

Saýlaw çäklendirmesi bu gezek 7 göterimden 5 göterime çenli aşakladyldy.

Ýerli saýlawlarda, Maslahatda halk deputaty bolmak üçin jemi 14 müň 207 dalaşgär bäsleşýär.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan gazaklar 62 ýurtda 77 saýlaw merkezinde ses berýär

Saýlawlaryn resmi netijeleri 10 günde beýan ediler.

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar