Özbegistan Owganystana ynsanperwer kömek ugratdy

Özbegistan Owganystana 170 tonna ynsanperwer kömek ugratdy

1922830
Özbegistan Owganystana ynsanperwer kömek ugratdy

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýannama görä, Özbegistanyň hökümeti Owganystana ynsanperwer kömek ugratdy.

Un, bugdaý, tüwi, ösümlik ýagy, konserwalar, eşikler we aýakgap ýaly zatlardan ybarat ynsanperwer kömek gury ýer arkaly Owganystanyň Haýratan şäherine baryp ýetdi. 

Özbegistanyň Prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Ismetulla Ergaşew we Surhanderýa welaýatynyň gubernatory Tora Babalowyň ýolbaşçylygynda ugradylan ynsanperwer kömek owgan resmilerine gowşuryldy. 

Taliban dolanşygynyň Balh welaýatynyň gubernatory Dawud Muzammil ynsanperwer kömegiň gowşurylyş dabarasynda eden çykyşynda, kyn günlerde beren goldawlary sebäpli Özbegistanyň hökümetine minnetdarlyk bildirip, şol kömegiň iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň görkezijisidigini beýan etdi. 

Özbegistan Oraz aýynda Owganystana demir ýol arkaly 4 müň tonna, iýun aýynda bolsa 74 tonna ynsanperwer kömek ugradypdy. 



Degişli Habarlar