ADEX-2024 Sergisi Açyldy

Ilham Aliýew, 5-nji Halkara Azerbaýjan Goranyş sergisi ADEX-2024-ne baryp gördi

2191116
ADEX-2024 Sergisi Açyldy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, paýtagt Bakuda geçirilýän 5-nji Halkara Azerbaýjan Goranyş sergisi ADEX-2024-ne baryp gördi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, Goranmak we Goranyş senagaty ministrligi tarapyndan geçirilýän serginiň ilkinji gününde ýolbaşçylardan maglumat aldy.

Aliýew bilen birlikde Azerbaýjanda saparda bolýan Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, Prezidentiň ýanyndaky Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Haluk Görgün we Türk Ýaragly güýçleriniň serkerdeleri hem sergä baryp gördi.

Türkiýe, 38 ýurtdan 270 firmanyň gatnaşmagynda geçirilýän sergä 50-den gowrak firma bilen gatnaşýar.



Degişli Habarlar