Özbegistan Bilen Gazagystan Gatnaşyklary Ýaranlyk Derecesine Göterer

Iki ýurduň arasynda bar bolan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýaranlyk derecesine göterilcekdigi habar berildi.

1922793
Özbegistan Bilen Gazagystan Gatnaşyklary Ýaranlyk Derecesine Göterer

Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew Özbegistana guraýan saparynyň çäginde Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Liderler ikiçak we toparara gepleşikler geçirdi.

Duşuşykda Mirziýoýew Gazagystanyň ýurdunyň iň ýakyn we ynamdar hyzmatdaşydygyny beýan edip, köpugurly we ikitaraply bähbitlilige esaslanýan Özbek-Gazak hyzmatdaşlygynyň ähli uğurda neticeli ösýändigini nygtady.

Mirziýoýew; “Halklarymyzyň taryhy we ykbaly biri-birine bagly, biz eriş-argaç bolan halklar. Meselelerimizem bilelikde çözýäris” diýdi.

Mirziýoýew düýn gol çekişilen ýaranlyk ylalaşygy we döwlet serhetleriniň kesgitlenmegi hakyndaky ylalaşyklaryň taryhy resminamalardygyny, Özbegistan-Gazagystan gatnaşyklarynda täze döwrüň başlacakdygyny, özara strategik gatnaşyklary ýaranlyk derecesine götercekdigini nygtady.

Tokaýew bolsa özara gatnaşyklaryň ýokary derecesine kaganatlanma bildirip; “Gazagystan we Özbegistan, halklarymyzyn umumy taryhy we doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan güýçli hem-de utgaşykly gatnaşyklar ýola goýuldy” diýdi.

Tokaýew gol çekişilen ylalaşyklaryň özara gatnaşyklarda täze ýollar açcakdkgyny we iki ýurdun hasam ýakynlaşmak ugrundaky tagallalaryny doly beýan etcekdigini aýtdy.

Duşuşyklardan soň Mirziýoýew we Tokaýew Özbegistan bilen Gazagystanyň arasynda ýaranlyk gatnaşyklarynyň açylmagy we Özbegistan-Gzagystan döwlet serhetleriniň kesgitlenmegi hakynda ylalaşyklara gol çekişdi.

 



Degişli Habarlar