“Azerbaýjanyň Goşunlaryna Gyýa Göz Bilen Garalmagyna Ýol Bermeris”

Milli goranmak ministri Hulusi Akar türkün güýjüni bütin dünýä görkezen Azerbaýjanyň harby goşunlaryna mundan beýläk gyýa göz bilen garalmagyna ýol bermejekdiklerini beýan etdi.

1922668
“Azerbaýjanyň Goşunlaryna Gyýa Göz Bilen Garalmagyna Ýol Bermeris”

Milli goranmak ministrligi bilen Bakuwyň guberniýasynyň goldaw bermeginde Azerbaýjanyň Ankaradaky İlçihanasy tarapyndan guralan “Garabag Azerbaýjandyr-Watançylyk söweşiniň taryhy: Şahsyýet Faktory” atly kitabyň tanyşdyrlyş dabarasyna gatnaşdy.

Çärede çykyş eden ministr Akar, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda 44 gün dowam eden 2-nji Garabag söweşi bilen Türkiýäniň ýakyndan gyzyklanandygyny beýan etdi.

Azerbaýjanyň territoriýasynyň adalatsyz söweşi bilen basylyp alynandygyny aýdan Akar; “Azerbaýjanlylar ähliňiziň bilşi ýaly, emma dünýäniň eşitmek we görmek isleýän elhenç gyrgynçylyklara, genoside sezewar boldular. Jepa çekdiler, gynamalara duçar boldular. Bu wakalar başdan geçirilýärkä gynansagam ÝB, NATO, BMG we beýleki ýurtlar hem-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy onuň bilen gyzyklanmady, degişli çäreleri görmedi. Russiýanyň, ABŞ-nyň we Fransiýanyň ýolbaşçylygyndaky Minsk topary bu meselelere iňňän ünssiz çemeleşdi” diýdi.

Hulusi Akar bir millet bolan Azerbaýjandan we Türkiýeden birek-birege haýsydyr bir howp abanan halatynda ýek-ýumruk bolup, oňa garşy durmaga taýýardyklaryny nygtady.

Akar Azerbaýjanyň gowgasynda haklydygynyň bilinmelidigini, onuň ykrar edilmelidigini we her bir platformada aç-açan beýan edilmelidigini nygtap; “Türkiýe NATO bilen bilelikde halkara platformalarda, özara gatnaşyklarda bu meseläni gün tertibine getirýär” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar