“Zengezur Koridory 2024-nji Ýylda Tamamlanar”

Aliýew, Türkiýäniň-Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň birinji üçtaraplaýyn sammitinde çykyş etdi.

1918937
“Zengezur Koridory 2024-nji Ýylda Tamamlanar”

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Garabagda Ermenistana garşy gazanylan ýeňişiň, sebitde täze aragatnaşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin amatly şert döredendigini nygtady.

Aliýew, Türkmenistanyň Awaza syýahatçylyk zolagynda geçirlen Türkiýäniň-Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň birinji üçtaraplaýyn sammitinde çykyş etdi.

Aliýew, Azerbaýjanyň hem Türkiýe, hem-de Türkmenistan bilen syýasy taýdan ýokary gatnaşyk edýändigine ünsi çekdi we Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryny strategik ýaranlyk derejesine göterendiklerini belledi.

Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň ulag ulgamynda we logistika taýdan uly öňe gidişlik edendigini we birnäçe taslamany durmuşa geçirendigini aýdan Aliýew, “Bular hem ulag ulgamynda täze mümkinçilikler hödürleýär. Üç ýurtda bu ugurda goýlan maýa goýumlar döwrebap infstrukturanyň gurulmagyna uly goşant goşdy. 2022-nji ýylyň 10 aýlyk döwründe Azerbaýjandan geçen üstaşyr gatnawyň mukdary geçen ýylyň degişli döwrüne görä 80 göterimden gowrak artdy” diýdi.

Zengezur koridorynyň açylmagy üçin tagalla edýändilini nygtan Aliýew, “Zengezur koridorynyň Azerbaýjandan geçýän böleginde demir ýolunyň 40, gara ýolunyň hem 70 göterimi tamamlandy. Taslamanyň gurluşygy 2024-nji ýylda tamamlanar” diýip belledi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, “2020-njy ýylda 44 gün dowam eden söweşde gazanylan ýeňiş bilen topraklarymyz Ermenistanyň 30 ýyllyk basyp alyşlygyndan halas edildi. Garabag meselesi çözüldi we ýeňiş sebitinde täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin amatly şert döretdi” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar