Erdogan Türkmen Gazynyň Günbataryň Bazaryna Akdyrylmaga Başlanmalydygyny Beýan Etdi

Prezident R.T.Erdogan türkmen we azerbaýjan kärdeşleri bilen üçtaraplaýyn hem-de toparara duşuşyklar geçirdi.

1918857
Erdogan Türkmen Gazynyň Günbataryň Bazaryna Akdyrylmaga Başlanmalydygyny Beýan Etdi

 

Prezident R.T.Erdogan Türkmenistanda Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan döwlet Ýolbaşçylarynyň 1-nji Sammitinde türkmen we azerbaýjan kärdeşleri bilen üçtaraplaýyn hem-de toparara duşuşyklar geçirdi.

Prezident Erdogan geçiren özara duşuşyklaryndan soň Azerbaýjanyň Prezidenti İIham Aliýew we Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow bilen liderleriň maslahatyna gatnaşdy.

Maslahatda çykyş eden Erdogan; “Türki döwletleriň guramasyna synçy agza bolup goşulan Türkmenistanyň doly agzalygy bize uly güýç berer” diýdi.

Erdogan; “Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Özbegistanda geçirilen Samarkant Sammitinde Türki döwletleriň guramasyna synçy agzalyga kabul edilmegi hem jebisligimizi we bileleşigimizi berçinledi” diýdi.

24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi hakynda-da durup geçen Erdogan; “Galla ylalaşygy we ýesir çalşygy bilen bilelikde diplomatiýa ýol açylan halatynda parahatçylygyň gazanyljakdygyny gördük” diýdi.

Russiýanyň Prezidenti Putin we Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Zelenskiý bilen gepleşikleriniň dowam edýändigini nygtan Erdogan; “Enşalla ilki hüjümleriň bes edilmegini soň bolsa durnukly parahatçylygy sebitimizde ýola goýmagy umyt edýäris” diýdi.

Prezident Erdogan Türkmenistandan we Azerbaýjandan Türkiýä elektrik toguny akdyrmak boýunça işleşmäge taýýardyklaryny beýan etdi.

Liderleriň Üçtaraplaýyn  Sammitiniň çäginde Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda söwda, ylym, bilim, medeniýet, gümrük, energetika we ulaglar pudaklarynda 5 ylalaşyga gol çekişildi.

 



Degişli Habarlar