Azerbaýjanda Protest Aksiýalary Dowam Edýär

Azerbaýjanly protestçiler ermenileriň magdanlary talamagyny garşylyk görkezýär.

1918788
Azerbaýjanda Protest Aksiýalary Dowam Edýär
lacin koridoru maden protestosu1.jpg
lacin koridoru maden protestosu.jpg

Azerbaýjanly daşky gurşaw boýunça jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary bilen aktiwistleriň ermeni ilatynyň ýaşaýan we wagtlaýynça rus güýçleriniň ornaşdyrylan Azerbaýjana degişli territoriýadaky magdanlaryň bikanun dolandyrylmagynyň öňüniň alynmagy talaby bilen başladan protesti iki gijeden bäri dowam edýär.

Şuşanyň golaýynda, Hankendi şäherini Ermenistana birikdirýän ýoldaky rus güýçleriniň gözegçilik nokadynda 12-ni dekabr güni ir säher başladylan aksiýanyň ikinji gijesinde-de demonstrantlar sowuk howa şertlerine garamazdan meýdandan çekilmedi.

Ermeni ilatynyň Ermenistana gidip-gelmek üçin geçýän ugrundaky Laçyn geçelgesinde ýoly ýapan demonstrantlar şygarlar we ýazgylar bilen talaplaryny beýan edýärler.

Garabagda ermeni ilatynyň ýaşaýan zolagyndaky magdanlaryň bikanun dolandyrylmagynyň we şonuň netijesinde daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüniň alynmagyny isleýän demonstrantlar, rus güýçlriniň serkerdesi Andreý Wolkowyň sebite barmagyny talap edýär.

Demonstrantlar talaplaryny ýerine ýetirilýänçä aksiýalaryny dowam etdirjekdiklerini aýdýarlar.

Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi Hikmet Hajyýew Russiýanyň Goranmak ministrliginiň “Laçyn geçelgesi azerbaýjanlylar tarapyndan  ýapyldy” diýlen beýanaty hakynda garaýyşlaryny beýan etdi.

Ýurtdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşan Hajyýew; “Laçyn ýoply azerbaýjanly protestçiler tarapyndan däl, rus parahatçylyk güýji tarapyndan ýapyldy. Azerbaýjanyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri talanan tebigy baýlyklaryn bikanun daşalmagynyň öňüni almaga çalyşýarlar. Raýat ulag gatnawynyň hereketine rugsat bermeýärler” diýdi.

Rus güýçleriniň ýolbaşçylary bilen geçen hepde geçirilen gepleşikleriň netijesinde azerbaýjanly bilermenleriň ermeni ilatynyň  ýaşaýan Azerbaýjana degişli Kyzylbulak altyn käni bilen Demirli mis känine gözegçilik etmeği hakynda ylalaşyk gazanylypdy.

Ermeniler sebite giden bilermenleriň magdan känlerine barmagyna ýol bermändi.

 



Degişli Habarlar