Ibrahim Kalyn: “Türk dünýäsi ýaňadandan birleşýär”

Ibrahim Kalyn paýtagt Ankara şäherindäki Millet kitaphanasynda geçirilen “Diplomatik gatnaşyklaryň 30-njy ýylynda Türkiye-Gazagystan bilim ugrunda hyzmatdaşlyk we Ahmet Ýasawy uniwersitediniň seminaryna” gatnaşdy

1916061
Ibrahim Kalyn: “Türk dünýäsi ýaňadandan birleşýär”

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, soňky döwürde Türk dünýäsiniň ýaňadandan dikelmäge başlandygyny, köp sanda strategik, taryhy, tankydy tapgyrdan geçilendigini belläp: “Türk dünýäsi ýaňadandan birleşýär, täze gözýetime açylýar” diýip belledi.

Ibrahim Kalyn paýtagt Ankara şäherindäki Millet kitaphanasynda geçirilen “Diplomatik gatnaşyklaryň 30-njy ýylynda Türkiye-Gazagystan bilim ugrunda hyzmatdaşlyk we Ahmet Ýasawy uniwersitediniň seminaryna” gatnaşdy.

Soňky döwürde Türk dünýäsiniň ýaňadandan dikelmäge başlandygyny, köp sanda strategik, taryhy, tankydy tapgyrdan geçilendigini bellän Ibrahim Kalyn: “Türk dünýäsi ýaňadandan birleşýär, täze gözýetime açylýar. Ýaňadandan kesgitlenen, gurnalan Türki Döwletleriň Guramasynyň orta goýan syýasy görüşiň hem şonuň iň anyk netijeleriniň biridir” diýip habar berdi.

Türk dünýäsiniň jebisliginiň we agzybirliginiň diňe mümkinçilik bolmakdan çykyp, indi strategik mejburylyk ýagdaýyna gelendigini aýdan Kalyn: “Esasan hem soňky wagtlarda Garabag Ýeňişi, Türk dünýäsine strategik mümkinçiliklerimizi we başarnyklarymyzy bir ýere jemlesek nämeleriň hötdesinden gelip biljekdigimizi görkezýän örän möhüm bir buýsanç, umyt çeşmesi boldy” diýip nygtady.

Russiýa-Ukraina söweşi bilen ýüze çykan energiýa we azyk krizisinde, Türk dünýäsiniň we Orta Aziýanyň mundan soň tankydy rol eýelemäge dowam etjekdigini aýdan Kalyn: “Sebäbi dünýä energiýa ätiýaçlarynyň uly bölegi biziň Türk geografiýamyzda ýerleşýär” diýip mälim etdi.

Ibrahim Kalyn Türki Döwletleriň Guramasynyň DKTR-ny synçy hökmünde kabul etmeginiň Türk dünýäsiniň ýakyn syýasy taryhynda möhüm bir öwrülişik nokady bolandygyny beýan etdi.

Dünýäniň syýasy-ykdysady deňagramlylygynyň gündogara tarap süýşendigini, Türk dünýäsiniň hem şondan öz paýyny aljakdygyny aýdan Kalyn, şol paýyň energiýada, saglygy goraýyşda, azykda, söwdada, goranyş senagatynda, howpsuzlykda, bilimde we beýleki ugurlarda boljakdygyny belledi.



Degişli Habarlar