Nahiçewan Awtonom Respublikasynyň Döwlet Gümrük gullugy Azerbaýjana baglandy

Nahiçewan Awtonom Respublikasynyň Döwlet Gümrük gullugy Azerbaýjanyň Merkezi Gümrük gullugyna baglandy

1913000
Nahiçewan Awtonom Respublikasynyň Döwlet Gümrük gullugy Azerbaýjana baglandy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Nahiçewan Awtonom Respublikasynyň Döwlet Gümrük gullugynyň ýatyrylmagy bilen baglanşykly karara gol çekdi. 

Nahiçewan Awtonom Respublikasynyň Döwlet Gümrük gullugyna degişli edaralar Azerbaýjanyň Döwlet Gümrük gullugynyň Nahiçewan Baş müdürligine baglandy. 

Şeýlelik bilen Nahiçewan Awtonom Respublikasynyň Milli mejlisiniň başlygyna degişli bolan gümrük gulluklary, gönüden Bakudaky merkezi dolanşygyna baglandy. 

Ozal bolsa Nahiçewan Awtonom Respublikasynyň Döwlet Howpsuzlyk gullugy ýatyrylyp, merkezi dolanşyga baglanypdy. 

Azerbaýjana degişli bolan, emma öz konstitutsiýasy bolan Nahiçewan Awtonom Respublikasynyň içerki dolanşygy Mejlisiň başlygyna degişlidir. 



Degişli Habarlar