"Prezident Erdogan Türk Dünýäsini Birleşdirdi”

Bagdad Amreýew, Stambul şäherinde geçirlen Türk dünýäsiniň VIII Lukmançylyk gurultaýynda çykyş etdi

1900159
"Prezident Erdogan Türk Dünýäsini Birleşdirdi”

Türk Döwletleri Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew “Soňky 20 ýylda Türkiýäni dünýä tanadan, diňe sebitinde däl eýsem dünýäde täsiri güýçlenen ýurtlardan biri ýagdaýyna getiren Prezident R. T. Erdogan, alyp barýan tutumy bilen Türk dünýäsini hem birleşdirdi” diýdi.

Bagdad Amreýew, Stambul şäherinde geçirlen Türk dünýäsiniň VIII Lukmançylyk gurultaýynda eden çykyşynda Türkiýäniň täsiriniň gün saýyn güýçlenýändigini nygtap, “Soňky 20 ýylda Türkiýäni dünýä tanadan, diňe sebitinde däl eýsem dünýäde täsiri güýçlenen ýurtlardan biri ýagdaýyna getiren Prezident R. T. Erdogan, alyp barýan tutumy bilen Türk dünýäsini hem birleşdirdi. Prezident Erdogan enşalla geljekde hem Türk dünýäsinde liderlik rolyny dowam etdirer”diýdi.

Türk Döwletleri Guramasynyň saglygy goraýyş pudagyna uly ähmiýet berýändigini aýdan Amreýew, ýurtlaryň tebigy apatlar, söweşler we epidemiýa ýaly ýagdaýlarda birek-birege lukmançylyk enjamlary kömegini bermek we arkalaşykly hereket etmek meselesinde ylalaşyk gazanylandygyny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar