Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Gruziýada Saparda Bolýar

Aliýew bilen Garibaşwili özara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

1897008
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Gruziýada Saparda Bolýar

Iş sapary bilen Gruziýa baran Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili bilen duşuşdy.

Aliýew bilen Garibaşwili özara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Ilham Aliýew, II Garabag urşundan soňky ýagdaý we Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerinde ýetilen sepgit hakynda Garibaşwilä maglumat berendigini nygtap, “Garabag meslesiniň çözülmeginden soň Azerbaýjan bilen Ermenistanyň parahatçylyk şertnamasyny baglaşmagynyň wagtynyň gelendigine ynanýarys. Azerbaýjan parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagyna taýar. Ermenistana 5ýörelgeden ybarat tekliplerimizi hödürledik. Ermenistanyň hem halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen ýörelgelere laýyklykda Azerbaýjan bilen parahatçylyk şertnamasyny baglaşjakdygyna ynanýarys. Parahatçylyk şertnamasy Günorta Kawkazyň parahatçylygy, şol bir wagtda hem hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri taýdan diýseň möhüm. Şu gün şol bir wagtda Gruziýa-Azerbaýjan-Ermenistan gepleşikleriniň başlamagy hakynda pikir alyşdyk. Ermenistan tarapy taýar bolsa biz hem taýar” diýdi.

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili hem Aliýew bilen sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky parahatçylyk etaby hakynda pikir alyşandyklaryny belledi.

 

 



Degişli Habarlar