Prezident Erdogan Azerbaýjana bardy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çakylygyna laýyklykda Azerbaýjanyň Zengilan şäherine bardy

1895485
Prezident Erdogan Azerbaýjana bardy

Düzüminde Prezident Erdogan bolan uçar Azerbaýjanyň basyp alyşlykdan azat edilen topraklarda türk kärhanalaryň goldaw bermeginde gurulan 2-nji howa menzili bolan Zengilan halkara howa menziline bardy.  

Ol ýerde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan garşylanan Prezident Rejep Taýýip Erdogan, gurluşygy tamamlanan howa menziline gonan ilkinji Döwlet baştutany boldy. 

Täze howa menziliniň açylyşyny ýerine ýetiren Erdogana we Aliýewe, howa menziliniň simwoliki açary gowşuryldy. 

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Erdogan ondan soň bolsa sebitiň galkynmagy üçin başladylan täze taslamalaryň düýbüni tutar. 

Saparyň çäginde geçiriljek ikiçäk duşuşyklarda Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ählitaraplaýyn gözden geçirilmegine, hyzmatdaşlygyň has hem özgerdilmegi üçin edilip bilinjek ädimleriň ara alynyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. 

Mundan başgada ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde sebitleýin we halkara meseleler bababtynda pikir alyşylmagy göz öňünde tutulýar. 



Degişli Habarlar