Erdogan we Tokaýew diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli umumy jarnama çap etdiler
Prezident Rejep Taýýip Erdogan we Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli umumy jarnama çap etdiler
Gazagystanyň paýtagty Astana şäherindäki Akorda köşgünde Erdoganyň we Tokaýewiň ýolbaşçylyk etmeginde düýn geçirilen gepleşiklerden soň, Türkiye-Gazagystan arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli umumy jarnama çap edildi.
16 maddadan ybarat jarnamada, iki ýurduň arasynda ençeme ugur boýunça umumy işleriň artdyryljakdygy mälim edildi.
Transport ugrunda Trans-Hazar liniýasy we Baku-Tbilisi-Kars liniýasynyň netijeli ulanylmagy üçin bilelikdäki işleriň artdyryljakdygy bellenen jarnamada terrora garşy göreşiň hem üstünde durulyp geçilip: "Iki ýurduň milli howpsuzlyklaryna wehim salýan ähli gurluşlara garşy göreşi güýçlendirmek babatynda ylalaşyga gelindi" diýip habar berildi.
Jarnamada goranyş senagaty, bilim, daşky gurşaw we tokaýçylyk ugurlarynda bilelikde hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleriniň artdyrylmagy üçin ylalaşyga gelinendigi bellenip, halkara guramalarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigi aýan edildi.
Degişli Habarlar
Türkiye bilen Azerbaýjan Harby Türgenleşik Geçirdi
Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda suwasty hüjüm türgenleşiginiň geçirlendigi nygtaldy.